Türkmenabadyň dokmaçylyk desgasy önümleriniň 100%-e golaýyny ýerledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň dokmaçylyk desgasy önümleriniň 100%-e golaýyny ýerledi
Türkmenabadyň pamyk egriji fabrigi 2019-njy ýylda nah ýüplükleriniň 3 müň 524 tonnasyny öndürdi.

Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabadyň pamyk egriji fabrigi 2019-njy ýylda ýokary hil ölçeglerine gabat gelýän nah ýüplükleriniň 3 müň 524 tonnasyny öndürdi.

Dokmaçylyk desgasynda ýerine ýetirilen işleriň pul möçberi 29.5 million manada golaý bolup, meýilnama 111 göterim amala aşyryldy.

Öndürilýän önümleriň 3 müň 363 tonnasy içerki we daşarky bazarlara ugradyldy. Eksportyň möçberi 28.5 million manada golaýlady. Şeýlelik bilen nah ýüplükleriň 100 göterime golaýy ýerlendi.

Ýyllyk taslama kuwwatlygy 4 müň tonna bolan Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginiň nah ýüplükleriniň 17/1, 20/1, 27/1, 34/1 belgili görnüşlerini esasan-da, Russiýanyň we Türkiýäniň kompaniýalary satyn alýar.