Türkmenabadyň kyrk ýyllyk kärhanasy çörekleri gyzgynlygy bilen ilata ýetirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň kyrk ýyllyk kärhanasy çörekleri gyzgynlygy bilen ilata ýetirýär
Türkmenabatdaky 1-nji çörek kärhanasynda her gün sekiz görnüşli çöregiň 338 tonnasy öndürilýär.

Türkmenabatdaky 1-nji çörek kärhanasy 2019-njy ýyly 6 müň 600 tonnadan gowrak çörek we çörek önümlerini taýýarlamak bilen jemledi. Bu önümleriň pul serişdesindäki möçberi 5.5 million manada golaýlady.

Bellenilen meýilnamadan 2 müň 500 tonnadan gowrak artyk çörek öndüren kärhana düzümindäki 11 dükanyň üsti bilen olary gyzgynlygy bilen ilata hödürledi.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Lebapgallaönümleri” önümçilik birleşiginiň Türkmenabatdaky kärhanasynda her aý sekiz görnüşli çöregiň ortaça 338 tonnasy öndürilýär.

Önümçilik depginini gowşatman gelýän kärhana 1979-njy ýylda açylyp, häzirki wagtda bu ýerde 211 sany işçi-hünärmen zähmet çekýär.

Geçen ýylyň galla oragy möwsüminde Lebap welaýatynda 350 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygylyp, degişli un zawodlara iberildi.

2022