Pakistanyň nebit bölümi: TOPH geçirijisiniň gurluşygy möhletinde tamamlanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Pakistanyň nebit bölümi: TOPH geçirijisiniň gurluşygy möhletinde tamamlanar
Türkmenistan öz çäklerinde gurluşyk işlerini eýýäm tamamlady, Owganystan bolsa, taslamanyň gurluşygyna 2018-nji ýylda girişdi.

Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gazgeçirijisiniň taslamasy gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ylalaşylan möhletlere laýyklykda amala aşyrylýar we taslamanyň durmuşa geçirilmeginde hiç hili bökdençlikler ýokdur diýip, APP penşenbe güni Pakistanyň nebit bölümine salgylanyp habar berdi.

Resminamada TOPH gazgeçirijisiniň 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanylmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigi aýdylýar.

APP-niň habar bermegine görä, Çamandan Multana we Dera-Ismail-Hana geçirijini çekmek boýunça işler başlandan soň 30 aýyň dowamynda Pakistanyň taslamanyň birinji tapgyryny tamamlajakdygyny ýurduň ýokary wezipeli resmi adamy ynamly aýtdy.

Taslama iki tapgyrdan ybarat bolar. Birinji tapgyrda geçiriji boýunça gazyň erkin akymy üpjün ediler, ikinji tapgyrda gysyjy beketler gurnalar.

Pakistanly resmi adamyň sözlerine görä, taslamanyň çäklerinde geçirijilik ukyby gije-gündizde 90.6 million kub metre deň boljak, uzynlygy 1,680 km, diametri 142.24 sm boljak gazgeçiriji çekiler. Turba geçiriji Türkmenistandan başlap Owganystanyň we Pakistanyň üsti bilen Pakistan–Hindistan çäklerine barar.

TOPH boýunça ylalaşyga laýyklykda, Pakistan we Hindistan gije-gündizde 37.519 million kub metr “mawy ýangyç” alar, Owganystanyň paýy bolsa, bir günde 14.158 million kub metr tebigy gaza deň bolar.

Pakistanly döwlet wekiliniň aýtmagyna görä, Türkmenistan öz çäklerinde gurluşyk işlerini eýýäm tamamlady, Owganystan bolsa, taslamanyň gurluşygyna 2018-nji ýylda girişdi. Şeýle-de ol şu ýylyň dowamynda taslama işleriniň amala aşyrylmagyna Pakistanyň öz hökmany goşandyny yzygiderli goşýandygyny mälim etdi.

2022