Türkmenistanyň salgyt edaralary elektron ulgama birikdiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň salgyt edaralary elektron ulgama birikdiriler
Türkmenistanyň salgyt guramalary elektron ulgama biriger.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetinde hem-de onuň garamagyndaky edaralarda resminama dolanyşygyna “Elektron salgyt” ulgamy giriziler.

Anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Goçmyrat Myradow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatynda “Elektron salgyt” ulgamyny girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurt Baştutany döwletiň pudaklaryň sanlaşdyrylmagyna aýratyn üns berýändigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek barada wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Hökümet mejlisinde“Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Merkezi balans toparynyň düzümini tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasyny hödürlän G.Myradow toparyň işi barada maglumat berdi hem-de maliýe taýdan durnuklylygy üpjün etmek, tölege ukyplylygy artdyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow balans toparynyň düzüminiň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, hödürlenilen resminama gol çekdi hem-de ony sanly elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi.

2022