Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini ugratmagyň maksatnamasyny taýynlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini ugratmagyň maksatnamasyny taýynlady
Türkmenistan geçen ýylyň dekabr aýynda transformatory degişli enjamlary bilen bilelikde owgan ýurduna iberdi.

Türkmenistanyň Owganystana ynsanperwer kömegini bermeginiň maksatnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Owganystanyň parahatçylykly ösüşine ýardam bermek babatynda 2020–2022-nji ýyllary öz içine alýan maksatnama barada 17-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde agzaldy.

Aşgabatda 14-nji ýanwarda geçirilen halkara maslahatynda eden çykyşynda türkmen Lideri Owganystanda ylalaşykly ýagdaýlara goldaw bermek meselesi has-da ähmiýetli bolup durýandygyny aýdyp, “Men Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmünde goňşy ýurdumyz bolan Owganystanda parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýmak üçin ähli zerur şertleri döretmäge gatnaşmaga taýýardygyny tassyklaýaryn” diýip belläpdi.

Goňşy Owganystana yzygiderli ynsanperwer kömegini iberýän Türkmenistan geçen ýylyň dekabr aýynda transformatory degişli enjamlary bilen bilelikde owgan ýurduna iberdi.

Şeýle hem 2019-njy ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň birnäçe ministrliklerine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Owganystana ynsanperwer kömegi hökmünde birnäçe önümleri muzdsuz bermek baradaky Buýruga gol çekilipdi.

2022