Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko çarşenbe güni Türkmenistanyň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Niýazliýew bilen duşuşdy.
Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, diplomatlar duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklar we hyzmatdaşlyklar barada maslahatlaşdylar.
Mundan ozal Rudenko bilen türkmen ilçisi geçen ýylyň oktýabrynda Merkezi Aziýa sebitiniň diplomatlary bilen bolan duşuşygynda görşüpdi. Pikir alyşmalaryň barşynda Russiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryna garaldy.
Häzirki wagtda Russiýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Ilçihanasy hem-de Kazan şäherinde Baş konsullygy we Astrahanda konsullygy hereket edýär.