Türkmenistan halkara gümrük guramalary bilen işjeň gatnaşyk saklaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan halkara gümrük guramalary bilen işjeň gatnaşyk saklaýar
Duşuşykda Maksatnamanyň çäklerinde edilen işleriň netijelerine seredildi hem-de geljekki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy we meýilleşdirildi.

BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň we Bütindünýä gümrük guramasynyň “Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça global maksatnamasynyň” utgaşdyryjylary Ketil Ottersen we Norbert Ştaýleýn bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Maksatnamanyň çäklerinde edilen işleriň netijelerine seredildi hem-de geljekki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy we meýilleşdirildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Maksatnama 2013-nji ýylyň dekabrynda goşuldy. Bu döwürde Halkara gümrük terminalynda hem-de Türkmenbaşy deňiz portunda Port gözegçilik toparlary döredildi.

2019-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça altynjy her ýylky sebitara duşuşygynda Port gözegçiligi toparynyň gümrük edaralarynyň Sebitara toruny döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Port gözegçilik toparlarynyň hyzmatdaşlygyna mysal hökmünde ContainerComm platformasyny ulanmak arkaly Alat (Baku) we Türkmenbaşy deňiz portunyň arasyndaky 2019-njy ýylyň dekabrynda hem-de 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndaky maglumat alyşmalary görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bilelikde edilen işleriň netijeliligini belläp, geljekde hem hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.