“Ýaşyl Merkezi Aziýa” başlangyjy sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ýaşyl Merkezi Aziýa” başlangyjy sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün eder
Berlinde geçirilen “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly ýokary derejeli maslahata Germaniýanyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti sişenbe güni Berlinde geçirilen “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly ýokary derejeli maslahata gatnaşdy. Maslahatyň işine şeýle hem Germaniýanyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi we sebitde howpsuzlygy saklamak, şol sanda, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, biodürliligi gorap saklamak, çölleşmäge garşy göreşmek, daglyk sebitleriniň ösdürilmegi we beýlekiler bilen bagly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşdylar.

Ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde ekologiýada howpsuzlygy saklamak boýunça “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly sebitleýin başlangyjy işe girizildi. Wekiliýetleriň ýolbaşçylary bu başlangyjy goldadylar we bilelikdäki jarnama gol çekdiler.

Başlangyjyň maksady howanyň üýtgemegi we onuň bilen bagly howplary baradaky gepleşigi goldamakdan ybaratdyr.

“Ýaşyl Merkezi Aziýanyň” ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm orny eýelemegine garaşylýar. Bu strategiýa ýurtlaryň howa we ekologiki ýagdaýlary ýaly içerki we daşarky howplaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow 27-28-nji ýanwarda Germaniýanyň Daşary işler ministri Haýko Maas, Ykdysadyýet we energetika ministri Peter Altmaýer, Kansleriniň daşary syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Ýan Heker, Gündogar Ýewropada ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça German komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms, ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili/Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Žozep Borell Fontelles, hem-de şeýle-de Owganystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mirwaýs Nab bilen duşuşyklary geçirdi.