Bulutly işewürligiň ösmeginiň netijesinde “Microsoft” rekord girdeji gazandy

Bulutly işewürligiň ösmeginiň netijesinde “Microsoft” rekord girdeji gazandy
Şu ýyl “Surface” girdejisi 6% ýokarlanyp, $1.9 milliarda çenli bardy.

Çarşenbe güni “Microsoft Corp.” transmilli tehnologiýa kompaniýasy özüniň bulutly hasaplamalaryna artýan islegiň netijesinde ikinji çärýekde gazanan rekord maliýe düşewündini mälim etdi.

Amerikanyň programma üpjünçiliginiň iri öndürijisi 2020-nji ýylyň hasabat döwrüniň ikinji çärýeginde $11.6 milliard möçberinde peýda gazanandygyny habar berýär. Bu görkeziji bir ýyl mundan ozalky $36.9 milliardlyk düşewüntden 38% ýokarydyr. “Surface” we “Office” görkezijileri hem ýokarlandy. “Windows 7” bes edilenden soň “Windows”-yň ygtyýarnamalardan alýan girdejisi hem ýokarlandy.

“Surface Pro 6”, “Surface Laptop 2”, “Surface Studio 2” we “Surface Headphones” öndürilip başlanyndan soň “Microsoft Surface” sensor ekranly we interaktiw tagtaly şahsy kompýuterleriň satuwyndan gelen girdeji bir ýyl mundan ozalky birmeňzeş çärýegiň dowamynda ep-esli artdy. Bu “Surface”-i 2 milliard dollarlyk girdejä ýakynlatdy. Şu ýylda hem “Surface” düşewündi 6% ýokarlanyp, $1.9 milliarda çenli bardy.

“Microsoft” kompaniýasynyň ösüşi ozaly bilen intellektual bulutly işewürlik, ýagny, “Microsoft Azure” bilen şertlendirilendir. Intellektual bulutly işewürlik öňki düşewüntligini 27% ýokarlandyryp, $11.9 milliardlyk girdeji gazandy. Şol işewürligiň çäklerinde “Azure” 62% ýokarlandy.

“LinkedIn” we “Office 365” önümleriniň pakedine tölegli ýazylyşyklary öz içine alýan “Microsoft”-yň öndürijilik we işewürlik işleri boýunça bölümi satuwlardan $11.83 milliard gazandy. Bu geçen ýylyň şol çärýegindäki girdejisinden 17% ýokarydyr. Seljeriş geçirýänler çärýekde $11.43 miliardlyk söwdanyň edilmegine garaşypdylar.

“Microsoft”-yň girdejileri dürli iri kompaniýalardan gelýär we girdejiniň agramly bölegi özbaşdak ýola goýlan ýeke söwdadan gazanylmaýar.