BAE “Galkynyş” käninden soň iň iri gaz känini açdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
BAE “Galkynyş” käninden soň iň iri gaz känini açdy
Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) edara binasy

Soňky 15 ýylyň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi we Dubaýyň arasyndaky Jebel Ali diýen ýerinde 2.28 trillion kub metre barabar gaz gory açyldy. Bu barada Abu-Dabi gazeti analitiklere salgylanyp habar berýär.

“Bu gaz käni “Galkynyş” käninden soň iň irileriniň biridir” diýip, “Wood Mackenzie” kompaniýasynyň Ýakyn Gündogarda nebiti we gazy gazyp almak boýunça analitigi Liam Ýeýts aýtdy.

Dünýäde ululygy boýunça ikinji ýerde durýan Türkmenistanyň günortasyndaky “Galkynyş” gaz käni 2005-nji ýylda açylyp, onuň tebigy gaz gory 14 trillion kub metre ýetýär.

““Jebel Ali” gaz käniniň çuňlugynyň uly bolmanlygy sebäpli gaz almak arzan düşer” diýip, Ýeýts nygtady.

Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy şeýh Muhammet bin Zaida Al Nahaýýanyň we BAE-niň premýer-ministri hem-de Dubaýyň emiri şeýh Muhammet bin Raşid Al Maktumyň “Twitter” torundaky ýazmagyna görä, iki emirligiň arasynda ýerleşýän “Jebel Ali” gaz käniniň gory 2.28 trillion kub metre ýetýär.

““Jebel Ali” gaz käni ýurduň energetika pudagynda özbaşdak bolmaga mümkinçilik döreder, sebäbi häzirki wagtda biz elektrik energiýasynyň önümçiligi üçin gazy Katardan import edýäris” diýip, hökümet wekilleri belledi.

Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) we Dubaýyň üpjünçilik boýunça müdirliginiň arasynda ýekşenbe güni gaz käninde bilelikde gözleg we gazyp alyş işlerini geçirmek hakynda şertnama gol çekildi.

“ADNOC we Dubaýyň üpjünçilik boýunça müdirligi 5000 inedördül metr meýdany tutýan gaz käninde gözleg we gazyp alyş işlerini geçirerler” diýip, ADNOC belledi.

Bu täze gaz käniniň açylmagy BAE-ni dünýäde gaz gory boýunça 7-nji ýerden 6-njy ýere getirdi. Ýakynda açylan gaz käni ýurduň gaz goryny 10.01 trillion kub metre çenli artdyrdy. 

2022