Türkmen balykçylary suw howdanlaryny yzygiderli doldurýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen balykçylary suw howdanlaryny yzygiderli doldurýar
Türkmenistan boýunça balyk ýetişdirmäge niýetlenen howdanlaryň umumy meýdany şu günki günde 1,216 gektara ýetýär.

“Marybalyk” döwlet kärhanasynyň hususylaşdyrylmagynyň netijesinde döredilen “Täze balyk” hususy kärhanasy balyklary täzeligi bilen ilata ýetirmegiň aladasyny edýär.

“Täze balyk” 2018-nji ýylyň oktýabrynda telekeçi Guwançmyrat Orazow tarapyndan esaslandyryldy.

Kärhananyň balykçylary 2019-njy ýylda 210 tonna golaý balyk awlamagyň hötdesinden geldiler. Olar şu ýyl bu görkezijini 250 tonna ýetirmegi maksat edinýär.

Mary welaýatynyň çägindäki Hanhowuz, Saryýazy, Dostluk suw howdanlarynda iş alyp barýan balyk awçylary ak balyk, lakga, tüňňümaňlaý ýaly balyklary tutýarlar. Ýanwar aýynda balykçylar 10 tonna derek 13 tonna balyk awladylar.

Balyklar täzeligi bilen hususy kärhananyň “Janly balyk” dükanyna hem-de baglaşylan şertnama laýyklykda, welaýatyň dürli künjeginde hereket edýän 10 töweregi telekeçiniň hususy dükanlaryna elin eltilip berilýär.

Geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda hususy kärhana tarapyndan 6.5 müň tonnadan gowrak maýda balyk Hanhowuz suw howdanyna goýberilipdi.

Türkmenistanda balykçylyk pudagy telekeçileriň ygtyýaryna berildi. Daşoguz welaýatynda “Ak durna” hususy kärhanasy, Lebap welaýatynda “Myradym” hususy kärhanasy balyk awlamak we köpeltmek işlerini alyp barýar.

Türkmenistan boýunça balyk ýetişdirmäge niýetlenen howdanlaryň umumy meýdany şu günki günde 1,216 gektara ýetýär. Şonuň 1,100 gektary harytlyk balyklaryň gezim howdany, 116 gektary bolsa, bir ýyllyk balyklary ýetişdirýän howdanlardyr.

2022