Aşgabat bilen Buharest konsullyk hyzmatlary boýunça tejribe alşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat bilen Buharest konsullyk hyzmatlary boýunça tejribe alşar
Türkmen-rumyn gepleşiklerinde taraplar zerur bolan konsullyk hyzmatlarynyň berilmegi boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde (DIM) sişenbe güni türkmen-rumyn konsullyk geňeşmeleri geçirildi. Oňa Rumyniýanyň DIM-niň Konsullyk departamentiniň Baş direktory Muntean Walentin Çiprianyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň degişli edaralarynyň arasynda tejribe alyşmak bilen birlikde konsullyk hyzmatlaryny bermek prosesiniň kämilleşdirilmegi bilen bagly bolan meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň döwlet we hususy pudaklarynyň dürli ulgamlarynyň sanlaşdyrylýandygy bilen baglylykda taraplar Rumyniýanyň baý tejribesiniň nazarda tutulmagynda zerur bolan konsullyk hyzmatlarynyň berilmegi boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada ylalaşdylar.

Şeýle hem saparyň çäklerinde rumyn wekiliýetiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. 

Geçen ýylyň dekabr aýynda türkmen daşary syýasat edarasynda Rumyniýanyň DIM-niň Gündogar goňşuçylygy ýurtlary bilen gatnaşyklar müdirliginiň Baş direktory Adriana Staneskunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirilipdi.

Duşuşykda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de taraplar Hazar deňzi – Gara deňiz halkara ulag ugruny döretmegiň taslamasyna aýratyn ünsi çekdiler.

Türkmen-rumyn diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Häzirki wagtda iki ýurduň paýtagtlarynda ilçihanalar hereket edýär.

2022