Türkmenistanyň günbatar sebitindäki nebitgaz ýataklary meýilnamany doly ýerine ýetirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň günbatar sebitindäki nebitgaz ýataklary meýilnamany doly ýerine ýetirýär
“Türkmennebit” döwlet konserni şu ýylyň ilkinji aýynda nebitiň 318 tonnasyny, tebigy gazyň 376 million kub metrini gazyp aldylar.

“Türkmennebit” döwlet konserni şu ýylyň ilkinji aýynda nebitiň 318 müň tonnasyny, tebigy gazyň 376 million kub metrini gazyp aldylar.

Gazylyp alnan nebitiň 305 müň tonnasy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna ugradyldy.

“Goturdepe” nebit käninde çykarylan “gara altynyň” mukdary 110 müň tonna ýetip, bu görkeziji umumy möçberiň üçden birine golaýlady.

Ýurduň günbatar sebitinde ýerleşýän “Körpeje”, “Ekerem”, “Nebitdag”, “Goturdepe” ýataklarynyň hünärmenleri şu ýylyň ilkinji aýynda 17 müňden gowrak daglyk ýerlerini gazdylar. Bu görkeziji meýilnamadan müň metr artyk boldy.

Ýanwar aýynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň gözleg işleriniň netijesinde “Uzynada” meýdançasyndan tebigy gazyň täze gorlary tapyldy. Bu ýerde 7 müň metre golaý çuňlukdan gündelik gazyň 106 müň kub metrini we gaz kondensatynyň 143 tonnasyny almaga mümkinçilik döredi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022