Daşoguz welaýatynyň merkezi Daşoguz şäheriniň Polimer önümleri zawody geçen ýyl pul hasabynda alnanda 5 million 433 müň manatlyk polimer önümlerini öndürdi.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bolan kärhana dürli diametrli polietilen we polipropilen turbalarynyň 40-dan gowrak görnüşini öndürýär. Zawodda diametri 16 millimetrden 315 millimetre çenli polimer turbalary öndürilýär.
Polimer zawodda önümçilik doly awtomatlaşdyrylan ýagdaýda alnyp barylýar.
Şeýle-de kärhana polimer turbalaryny öndürmek bilen bir hatarda, halk hojalygynda ulanylýan maýyşgak gurşawlary, bir gezeklik gapjagazlar we bulgurlar hem-de beýleki polimer önümleriniň önümçiligini ýola goýdy.
Häzirki wagtda Daşoguz welaýatyň çäginde alnyp barylýan toplumlaýyn gurluşyklarda hem-de täze ýaşaýyş jaýlaryň gurluşyklarynda zawodyň önümlerine bolan isleg artýar.