Türkmenistanda şu ýyl 20-den gowrak dürli önümçilik desgalary ulanmaga berler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda şu ýyl 20-den gowrak dürli önümçilik desgalary ulanmaga berler
Türkmenistanda şu ýyl önümçilik maksatly desgalarynyň 20-den gowragyny işe girizilmegine garaşylýar.

Türkmenistanda 2020-nji ýylda önümçilik maksatly senagat we oba-hojalyga degişli önümçilik desgalarynyň 20-den gowragyny işe girizmek meýilleşdirilýär.

Ulanylmaga beriljek desgalar barada duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatynda agzalyp geçildi.

Şu ýyl ýurduň Ahal, Balkan, Daşoguz we Mary welaýatlarynda et we süýt öndürýän maldarçylyk toplumlaryny, şeýle-de Ahal welaýatynda guşçulyk toplumyny açmak meýilleşdirilýär.

Ýylyň dowamynda miwe, gök we bakja önümlerini ýetişdirýän ýyladyşhanalar Balkan, Daşoguz Lebap we Mary welaýatynda hasyl almaga doly taýyn ediler.

Şeýle-de senagat önümçiligi desgalarynyň birnäçesi şu ýyl açylyp ulanylmaga berilmegine garaşylýar. Olaryň hatarynda çeper halyçylyk kärhanalary Aşgabat şäherinde hem-de Ahal, Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynda ulanylmaga giriziler.

Mundan başga-da, Aşgabat şäherinde ýylda 300 tonna demirden dürli bezegli önümleri öndürýän kärhana, Ahal welaýatynda ýylda 80 tonna ýüplük öndürýän fabrik we demirbeton önümlerini öndürýän kärhana, Balkan welaýatynda ýylda 5 müň tonna gurluşyk garyndy serişdelerini öndürýän kärhana, Lebap welaýatynyň “Malaý” gaz ýatagynda kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr bolan gaz gysyjy desga, alýuminden aýna we gapy öndürýän kärhanany hem-de Mary welaýatynda ýylda 3000 tonna uglerod öndürýän zawod bardyr.

2022