BMW öz nyşanyna üýtgeşiklik girizýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMW öz nyşanyna üýtgeşiklik girizýär
Täze nyşan ilkinji gezek görkezilen BMW-niň “Concept i4” atly elektrik hereketlendirijili ulagynda peýda boldy.

Iň iri awtoulag öndüriji kompaniýanyň biri öz nyşanyna üýtgeşiklik girizýär.

BMW ady bilen tanalýan “Bayerische Motoren Werke AG” german awtoulag konserni öz tegelek nyşanyny üýtgeder. Täze nyşan 1997-nji ýylda soň täzelenen häzirki nyşanyndan has aňsat we has ýasy bolar. Kompaniýanyň 103 ýyllyk taryhynda BMW-niň nyşany ak-gök reňkli halka ilkinji gezek reňksiz töweregiň içinde ýerleşdiriler.

Täze nyşan kompaniýanyň diňe aragatnaşyk işlerinde, şol sanda onuň web-saýtynda we sosial torlarynda ulanylar.

“BMW aragatnaşyklaryň brendine öwrülýär. Täze aragatnaşyk nyşany açyklygy we aýdyňlygy şöhlelendirýär” diýip, BMW-niň müşderiler we brend bilen işleşmek boýunça uly wise-prezidenti Ýens Taýmer kompaniýanyň web-saýtynda nyşanyň taryhyna bagyşlanan makalada belläp geçdi. “Şu täze reňksiz nyşanyň üsti bilen biz adamlary BMW dünýäsiniň bir bölegi bolmagyna çagyrýarys. Ondan başga-da, brendiň täze görnüşi brendler üçin sanlaşdyrmaga bolan mümkinçiliklere gönükdirilendir”.

Taýmeriň bellemegine görä, täze aragatnaşyk nyşany “geljekde ulagy sürmekden lezzet almak üçin brendiň ähmiýetini aňladýar”.

Sişenbe güni ilkinji gezek görkezilen BMW-niň “Concept i4” atly elektrik hereketlendirijili ulagynda täze nyşanyň peýda bolandygyna garamazdan, kompaniýa täze nyşanyny tapgyrlaýyn öndürýän ulaglarynda ýerleşdirmegi meýilleşdirmeýär.

Gök we ak reňkler köplenç aýlanýan perrik diýlip hasaplanýar, ýöne “BMW-niň nyşany Bawariýa ştatynyň ak we gök bolan döwlet reňklerini aňladýar” diýip, BMW nyşanynyň taryhy hakyndaky makalada belleýär.

BMW-niň mundan öňki nyşany 1997-nji ýylda üýtgedilipdi. Öz 103 ýyllyk taryhynyň dowamynda kompaniýanyň biri-birlerine meňzeýän 6 nyşany bardy. 

2022