Erkin ykdysady zolaklar hakynda düşünje

BIZNES TÜRKMENISTAN
Erkin ykdysady zolaklar hakynda düşünje
Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary zolagyň çägindäki işiň erkin ykdysady zolagyň döredilmegi hakynda kararda we şertnamada göz öňünde tutulan görnüşlerini amala aşyrmaga haklydyr.

Erkin ykdysady zolak – bu çäklerinde erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary üçin aýratyn hukuk düzgüni ýola goýulýan, anyk kesgitlenen administratiw serhetleri bolan ýörite bölünip berlen çäkdir.

Aýratyn hukuk düzgüni – salgyt salynmagynyň, pul, gümrük taýdan düzgünleşdirmegiň ýeňillikli tertibi we şertleri ýola goýulýan, fiziki şahslaryň gelmeginiň, ol ýerde bolmagynyň we gitmeginiň, zähmet gatnaşyklarynyň, maliýe-karz işiniň ýönekeýleşdirilen tertibi we erkin ykdysady zolaklary döretmegiň maksatlarynyň gazanylmagyna gönükdirilen başga düzgünleri belleýän hukuk kadalarynyň jemidir.

Erkin ykdysady zolaklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Erkin ykdysady zolaklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we Türkmenistanyň “Erkin ykdysady zolaklar hakynda” kanunyndan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup, Türkmenistanyň çäginde erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň, hereket etmeginiň we ýatyrylmagynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Erkin ykdysady zolaklarda işleri alyp barmak

Erkin ykdysady zolaklaryň çäginde iş alyp barmak, ýer bölegini we (ýa-da) döwlet emlägini kärendesine almak hakynda şertnama  – Komitet we erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjysy tarapyndan erkin ykdysady zolagyň çäginde maýa goýum we telekeçilik işini alyp barmagyň şertleri barada gol çekilen we olaryň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini kesgitleýän bir resminamanyň düzülmegi arkaly ýazmaça görnüşde baglaşylýan ylalaşykdyr.

Erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň maksatlary

Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi şu aşakdaky maksatlara gönükdirilendir:

  • aýry-aýry sebitleriň hem-de çägiň täze infrastrukturasynyň döredilmegine we bar bolanlaryň ösdürilmegine;
  • telekeçilik işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna;
  • maýa goýumlarynyň (şol sanda daşary ýurtlardan gelýän), öňdebaryjy tehnikanyň we tehnologiýalaryň çekilmegine, şeýle hem importyň ýerini tutýan önümçiligiň ösdürilmegine, sebitler derejesinde bazar ykdysadyýeti ýörelgelerine laýyk gelýän, hojalygy dolandyrmagyň täze usullarynyň ulanylmagyna;
  • häzirki zaman menejmentiniň ösdürilmegine we hyzmatlaryň bir bitewi ulgamynyň ornaşdyrylmagyna (“bitewi penjire”);
  • dünýä bazarynda bäsleşige ukyply harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) öndürilmegine, täze iş ýerleriniň döredilmegine, daşary ykdysady işiň işjeňleşdirilmegine;
  • harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) eksportyndan pul düşewüntleriniň köpelmeginiň gazanylmagyna;
  • ýurduň ykdysady we durmuş ösüş derejesiniň ýokarlanmagyna.

Erkin ykdysady zolaklaryň kysymlary

Türkmenistanyň çäginde erkin ykdysady zolaklaryň şu aşakdaky işleýiş taýdan niýetleniliş kysymlary döredilip bilner:

  • erkin söwda zolaklaryny we eksport zolaklaryny hem goşmak bilen, söwda;
  • eksport-import zolaklaryny we senagat parklaryny hem goşmak bilen, senagat-önümçilik;
  • tehnoparklary we tehnopolisleri hem goşmak bilen, tehnika-ornaşdyryş;
  • maliýe-karz, bank, syýahatçylyk-rekreasion, habar beriş we gaýry hyzmatlary etmek üçin ýöriteleşdirilen, hyzmat ediş;
  • port hyzmatlaryny hem goşmak bilen, ulag-logistik;
  • agrosenagat;
  • erkin ykdysady zolaklaryň dürli işleýiş taýdan niýetleniliş kysymlarynyň işlerini düzüminde jemleýän, toplumlaýyn.

Şu bölekde bellenilen erkin ykdysady zolaklaryň kysymlaryndan başga kysymly erkin ykdysady zolagyň döredilmegi, ol babatda kanuna degişli goşmaçalaryň girizilmegi arkaly amala aşyrylyp bilner.

Erkin ykdysady zolaklardaky işiň görnüşleri

Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary zolagyň çägindäki işiň erkin ykdysady zolagyň döredilmegi hakynda kararda we şertnamada göz öňünde tutulan görnüşlerini amala aşyrmaga haklydyr.

Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary zolagyň çäginde işi ygtyýarnamasyz amala aşyrmaga haklydyr. Şunda olar Türkmenistanyň ygtyýarlylandyrmak hakynda kanunçylygynda kesgitlenilen ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirmäge borçludyr.

Erkin ykdysady zolagyň gatnaşyjylary bolup durmaýan şahslar olar babatynda aýratyn hukuk düzgünini bellemezden, zolagyň çäginde telekeçilik işini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrmaga haklydyr.

Erkin ykdysady zolagyň çäginde şulara rugsat berilmeýär:

  • ýerasty baýlyklary bolan ýer bölekleriniň peýdalanylmagyna we şertnamanyň şertlerinden daşardaky islendik gaýry iş bilen meşgullanylmagyna;
  • uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alynmagyna we gaýtadan işlenilmegine;
  • ozon gatlagyny bozýan maddalaryň, radioaktiw we himiki materiallaryň, zäherleýji, partlaýjy, zäherli, neşe we psihotrop maddalaryň, prekursorlaryň, biologik we genetiki işjeň maddalaryň öndürilmegine, şeýle hem olaryň söwdasyna;
  • ekologik taýdan howply önümçilikleriň we obýektleriň öndürilmegine, ýerleşdirilmegine;
  • offşor banklarynyň döredilmegine we hereket etmegine.

BT Hukuk bölümi

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022