Türkmenistanda ulag hyzmatlaryna agentlikler gözegçilik edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ulag hyzmatlaryna agentlikler gözegçilik edýär
“Türkmendemirýollary” agentligi demir ýol arkaly ýük daşamak bilen bagly hyzmatlaryň birnäçe görnüşini amala aşyrýar.

“Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenhowaýollary” hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleri şu ýylyň fewral aýynyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna berildi.

Geçen ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň ulag pudagyny düýpli özgertmek hem-de bu pudagy toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen käbir üýtgeşmeler girizildi.

Aşakdaky ulag pudagy boýunça iş alyp baran edaralaryň ady üýtgedildi we olara agentlik derejesi berildi:

  • Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi – “Türkmendemirýollary” agentligi;
  • Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi – “Türkmenawtoulaglary” agentligi;
  • Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy – “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi;
  • “Türkmenhowaýollary” gullugy – “Türkmenhowaýollary” agentligi;

Agentlikleriň ýerine ýetirýän iş ugurlary

Ýolagçy we ýük gatnawlary hyzmatlaryny hödürleýän “Türkmendemirýollary” agentligi her ýyl takmynan 6 million ýolagça hyzmat edýär. Agentligiň “Ýolagçy” bölüminde 5 müň hünärmen zähmet çekýär.

“Türkmendemirýollary” agentligi demir ýol arkaly ýük daşamak bilen bagly hyzmatlaryň birnäçe görnüşini amala aşyrýar we Türkmenistanyň çäginde onuň ençeme wekilçilikleri ýerleşýär.

Agentlik Türkmenistanyň çägi we GDA, Baltika, Eýran, Owganystan, Hytaý, Ýewropanyň we Aziýanyň beýleki ýurtlar boýunça eksport, import we tranzit ýükleri daşamak üçin iň pes demir ýol nyrhnamalaryny hödürleýär we şuňa laýyklykda, ýük daşamagyň demir ýol nyrhnamalarynyň bahasyny hasaplap, gysga wagtyň dowamynda müşderilere hyzmat berýär.

“Türkmenawtoulaglary” agentligi awtoýollarda ýük we ýolagçy gatnawlarynyň hyzmatlaryny hödürleýär. Bu agentlik şäheriçi, şäherara awtobuslar bilen üpjün edip, olary kärendä bermek hyzmatyny hem ýerine ýetirýär. Şeýle-de şäher içi taksileriň hem hyzmaty bu agentlige degişlidir.

Agentlik gaplanan, bölek, dürli ölçegdäki, agramly we howply ýükleri daşamak hyzmatyny hem hödürleýär. Ýük awtoulaglary bilen daşamak hyzmatlary üçin tölegler buýrujynyň islegine görä, sagatlaýyn, tonna we kilometr görnüşinde hasaplaşylýar.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi hem ýük we ýolagçylary gämide gatnatmak hyzmatyny hödürleýär. Daşamak işleriniň nyrhnamasyny hödürleýän agentlik halkara ugurlar boýunça alnyp barylýan işlere hem gözegçilik edýär.

“Türkmenhowaýollary” agentligi howa gatnawlary boýunça hyzmatlary we nyrhlary hödürleýän edara bolup çykyş edýär. Agentlik düzümindäki uçarlaryň gatnawy bilen bir hatarda, olara tehniki taýdan hem hyzmat edýär.

Agentlik ýerli ugurlar boýunça her gün 5 müňden gowrak, ýylyň dowamynda bolsa içerki we daşary ýurt gatnawlary boýunça 3 milliondan gowrak ýolagçy gatnadýar. Awiakompaniýanyň düzümi “Boeing" 737, 757, 777 we ýük daşaýan “Il-76” ýaly döwrebap uçarlar bilen üpjün edilendir.