“Hýundai” Türkmenistana $60 million möçberinde awtobus iberer

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Hýundai” Türkmenistana $60 million möçberinde awtobus iberer
Täze "Super Aero City" awtobuslary (Surat: "Hyundai Motor")

“Hyundai Motor Company” Türkmenistan bilen 60 million amerikan dollaryna barabar 400 sany awtobusy ibermek barada şertnama baglaşdy diýip, “The Korea Times” gazeti ýekşenbe güni awtomobil kompaniýasyna salgylanyp habar berdi.

Bu “Hýundai” kompaniýasynyň 2016-njy ýylda baglaşan 66 million amerikan dollary möçberinde 500 awtobus bilen üpjün etmek şertnamasyndan soň ikinji iň uly geleşigidir.

Häzirki güne çenli kompaniýa Türkmenistana 1,200 awtobus iberdi.

Şertnamalaryň netijesinde Aşgabatda hereket edýän her bir jemgyýetçilik ulagy “Hyundai Aero City” ulaglarydyr diýip, “Hyundai Motor” habar berýär.

Täze “Super Aero City” awtobuslarynyň aýratynlyklary özünden öňki kysymlara garanyňda has hem güýçlendirildi, şol sanda yzky kameralary hem-de yzdaky hereketleri duýduryş işjeňligi artdyryldy. Täze awtobuslarda şeýle-de Ýewro-4 standartlaryna gabat gelýän döwrebap hereketlendirijiler oturdyldy.

Gazetiň habaryna laýyklykda, kompaniýa awtobuslary maý aýynda taýýarlamaga başlap, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenilýän güni bolan 12-nji dekabra çenli doly iberer.

“Hyundai Motor” Türkmenistanyň jemgyýetçilik ulaglarynyň düzümine uly goşant goşandygyny aýdýar. Kompaniýa şol bir wagtda ätiýaçlyk şaýlary we ulaglaryna hyzmatlary hem hödürleýär.

“Bu geleşik “Hyundai Motor” üçin buýsançly wakadyr, sebäbi şertnama “Hyundai Aero City” awtobuslarynyň Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan ykrar edilendigini görkezýär” diýip, “Hyundai Motor”-yň wekili belledi. “Biz 2008-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän üpjünçilik boýunça ylalaşyklaryň gerimini giňeltmäge çalşarys”.

Türkmenistanda 400 sany şäheriçi awtobuslaryny satyn almak hakyndaky Karara 6-njy martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekildi.