Türkmenistan Eýrana saglyk serişdelerini kömek hökmünde iberdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Eýrana saglyk serişdelerini kömek hökmünde iberdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi saglygy goraýyş maksatly serişdeleri we azyk önümlerini eýran halkyna muzdsuz kömek hökmünde guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etdi.

Türkmenistan goňşy ýurt Eýranda ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagy sebäpli, penşenbe güni Aşgabat şäherinden ynsanperwerlik kömegini iberdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi saglygy goraýyş maksatly serişdeleri we azyk önümlerini eýran halkyna muzdsuz kömek hökmünde guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etdi.

Ýörite ýük Horasan — Rezawi welaýatyna ýetirildi, bu ýere Deregez şäheriniň häkimi Ali Farahi, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golamabbas Arbabhales hem-de Deregez şäheriniň saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Mohandes Salimi, bu ýurduň habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Bu welaýatyň resmi wekilleri ynsanperwerlik ýüküni çuňňur hoşallyk bilen kabul edip, Türkmenistana minnetdarlyk sözlerini beýan etdiler.

Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda goňşy ýurduň halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi.

2022