Türkmenistanyň Prezidenti onlaýn söwda ulgamyny giňeltmegi tabşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti onlaýn söwda ulgamyny giňeltmegi tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam boýunça döwrebap usullary önümçilige giňden ornaşdyrmagy, marketing-menejment işini kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni söwda toplumyna gözegçilik edýän ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda onlaýn söwdany ýola goýmagy hem-de sargytlary eltip bermek ulgamyny giňeltmegi tabşyrdy we munuň işleri häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk alyp barmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çary Gylyjowyň hem-de bu topluma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Maslahatda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge degişli wezipelere garaldy.

Türkmen Lideri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, oba hojalygyny, gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmek hem-de türkmen ykdysadyýeti üçin täze senagat ugurlaryny döretmek boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylmagy netijesinde ýurtda dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň sanawynyň artýandygyny belledi.

Şeýle-de maslahatda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Orazmyrat Gurbannazarowyň, Dokma senagaty ministri Resul Rejebowyň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy Ogulhajat Işangulyýewanyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Aleksandr Dadaýewiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Begenç Çaryýewiň hasabatlary diňlendi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, söwda ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipäniň ýurtda öndürilýän önümleriň ýeterlik möçberinden artyk bölegini eksporta ibermekden, bazarlaryň işinde sazlaşyklygyň üpjün edilmegini gazanmakdan, ilatyň azyk önümleri bilen üpjünçiligini pugtalandyrmakdan ybaratdygyny belledi.

Şeýle hem ýurt Baştutany sanly ulgamy ornaşdyrmak baradaky meselä ünsi çekip, iş dolandyryş babatda täze, döwrebap usullary kesgitlemegi hem-de şol usullary önümçilige giňden ornaşdyrmagy, marketing-menejment işini kämilleşdirmegi tabşyrdy.

2022