Türkmenistan koronawirus ýüze çykan döwletlerden raýatlaryny getirmegi dowam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan koronawirus ýüze çykan döwletlerden raýatlaryny getirmegi dowam edýär
Türkmenistan COVID-19 koronawirusyň ýüze çykan döwletlerinden öz raýatlaryny çarter gatnawyny gurnamak bilen ýurda getirmegi dowam edýär.

Türkmenistan COVID-19 koronawirusyň ýüze çykan döwletlerinden öz raýatlaryny çarter gatnawyny gurnamak bilen ýurda getirmegi dowam edýär.

Ozal “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan Hytaýa birnäçe ýörite çarter gatnawlary gurnalypdy. Türkmenistan COVID-19 koronawirusyň Hytaýda ýüze çykyp başlan wagtyndan bu çäreleri gurnan ilkinji döwletleriň biri boldy.

Soňra türkmen raýatlaryny Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan we beýleki döwletlerden getirmek üçin ýörite gatnawlar gurnaldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň daşary ýurtdaky diplomatik edaralary we Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy bilelikde dürli ugurlara gatnawlary gurnamaga ýardam berýärler.

Ýörite gatnawlaryň gurnalmagy bilen bir hatarda, Türkmenistanda ýokanç keseliň ýurduň çägine aralaşmazlygyna garşy çäreler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurtda sanitar-epidemiki we teplowizerler, infragyzyl hem-de elektron termometrleri bilen üpjün edilen serhet we gümrük nokatlarynda lukmançylyk gözegçiligi güýçlendirilendir. Şeýle-de COVID-19 koronawirusyň öňüni alyş çäreleri we yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilýär.

Şeýle-de, milli awiakompaniýanyň uçarlarynda dolanyp gelýänleriň saglygyny gözegçilik etmek üçin wirusolog we beýleki lukmançylyk boýunça hünärmenler ugradylýar.

Ýokanç keseliň beýleki döwletlerde döremegi sebäpli Türkmenistana dolanan talyplaryň öz okuwlaryny distansion görnüşde dowam etmäge mümkinçilikleri bardyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022