Türkmen we gruzin wekilleri halkara geçelgeler boýunça pikir alyşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we gruzin wekilleri halkara geçelgeler boýunça pikir alyşdylar
Gepleşiklerde türkmen we gruzin taraplary “Hazar deňzi – Gara deňiz” halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmek meselesine aýratyn üns berdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde çarşenbe güni Türkmenistan bilen Gruziýanyň hökümet wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen gepleşiklerde daşary ýurtlardan gelýän otlulary we wagonlary ýuwup arassalamak, zyýansyzlandyrmak boýunça gürleşdiler.

Gepleşiklere iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň, Maliýe hem-de Ykdysadyýet ministrlikleriniň, birnäçe agentlikleriniň, ulag-logistika merkezleriniň we kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda ulag-üstaşyr ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara uly ähmiýet berlip, taraplar “Hazar deňzi – Gara deňiz” halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmek meselesine aýratyn üns berdiler. Gruziýanyň Poti halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de, taraplar daşary ýurtlardan gelýän otlulary we wagonlary ýuwup arassalamak, zyýansyzlandyrmak boýunça gruzin tejribesi barada gürleşdiler.

Gepleşikleriň barşynda logistika ulgamynda özarabähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurlygy barada aýdylyp, taraplar ýük daşamak, gümrük paçlary, söwda ýeňillikleri, degişli edaralar tarapyndan özara hasaplaşyklary geçirmek ugrunda nyrh emele getirmek meseleleri babatda pikir alyşdylar.

Häzirki wagtda Azerbaýjany, Gruziýany we Türkiýäni birikdirýän 826 kilometrden ybarat Baku-Tbilisi-Kars demir ýol geçelgesi hereket edýär.

2022