Türkmenistanyň we Gazagystanyň DIM-niň ýolbaşçylary serhetdäki ýük akymlaryny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Gazagystanyň DIM-niň ýolbaşçylary serhetdäki ýük akymlaryny maslahatlaşdylar
Gepleşikleriň barşynda türkmen-gazak serhedindäki gözegçilik nokatlarynyň ýokary hilli we üznüksiz işlemegini üpjün etmegiň wajyplygy bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow şenbe güni Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi. Bu barada “Delowoý Kazahstan” gazetiniň internet sahypasynda berilýär.

Gepleşikleriň dowamynda dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýüze çykmagy bilen dörän ýagdaýda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň barşynda türkmen-gazak serhedindäki gözegçilik nokatlarynyň ýokary hilli we üznüksiz işlemegini üpjün etmegiň, şeýle hem ýük ulaglarynyň akymyny optimallaşdyrmagyň we olary resmileşdirmek işini tizleşdirmegiň wajyplygy bellenildi.

Şeýle-de gepleşigiň dowamynda demir ýoluň üsti bilen Gazagystandan Türkmenistana we onuň üsti bilen üstaşyr beýleki ýurtlara amala aşyrylýan ýük gatnawlaryna aýratyn üns berildi.

“Demirgazyk-Günorta” ugry boýunça Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly 2014-nji ýylyň dekabr aýynda ulanyşa girizildi.

2022