ABŞ Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ABŞ Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirýär
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu S.Klimow (Surat: ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Hökümeti ýurtdaky onlarça amerikan raýatynyň ABŞ-a dolanmagyna ýardam etdi.

28-nji martda ABŞ-nyň Ilçihanasy amerikan raýatlarynyň Türkmenistandan Waşingtona gaýdyp gelmegi üçin çarter reýsini gurnady. Bu barada ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasy habar berýär.

“Türkmenistanyň Hökümetine, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewe, Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewe we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde işleýän köp sanly kärdeşlerimize amerikan raýatlarynyň watanyna dolanmagynda beren administratiw we utgaşdyryjy goldawy üçin minnetdarlyk bildirýäris” diýip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu S.Klimow aýtdy.

Dünýä ýüzünde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň dünýädäki amerikan raýatlarynyň 43,100-den gowragyny 2020-nji ýylyň 29-njy ýanwaryndan bäri 78-den gowrak ýurtdan gaýtarmak üçin 360-dan gowrak çarter reýsini gurnady.

Şeýle-de golaýda ABŞ Türkmenistana laboratoriýa ulgamlaryny taýýarlamak, epidemiologiki gözegçiligi güýçlendirmek, howplar barada duýdurmak we beýleki meselelerde goldaw bermek üçin 920,000 amerikan dollaryndan gowrak serişde goýberdi.

2022