Türkmenistan BMG-niň edarasyna Hemişelik wekil belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan BMG-niň edarasyna Hemişelik wekil belledi
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasy (UNEP) 1992-nji ýylda esaslandyryldy.

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili Atageldi Haljanow Türkmenistanyň BMG-niň Naýrobidäki (Keniýa) edarasynyň (UNON), BMG-niň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň (UNEP), BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasynyň (UN-HABITAT) ýanyndaky (Ženewa şäheri) Hemişelik wekili wezipesine bellenildi.

Wezipä bellemek baradaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni gol çekdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly 10-njy aprelde geçirilen Daşary işler ministri Raşid Meredow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Haljanowy goşmaça wezipelere bellemek barada teklip beripdi.

BMG-niň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasy (UNEP) 1992-nji ýylda esaslandyrylyp, onuň esasy maksady häzirki we geljekki nesil üçin daşky gurşawy goramak we gowulandyrmak çärelerini gurnamakdan we geçirmekden ybaratdyr.

1978-nji ýylda esaslandyrylan UN-HABITAT ilatly nokatlaryň durnukly ösüşi ugrunda iş alyp barýar.

2022