Onlaýn gepleşikler: Aşgabat birnäçe halkara edaralar bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Onlaýn gepleşikler: Aşgabat birnäçe halkara edaralar bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşar
Aşgabatda aprel aýynda birnäçe halkara edaralary bilen wideo-gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Aşgabatda aprel aýynda birnäçe halkara edaralary bilen wideomaslahat arkaly hyzmatdaşlyklar boýunça gepleşikler geçirmek meýilleşdirilýär.

BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy (UNCTAD) bilen bilelikde ýurduň degişli edaralarynda ornaşdyrylýan “ASYCUDA World” ulgamy arkaly Türkmenistanyň ähli gümrük nokatlarynda “Bir penjire” toruny ýola goýmak boýunça 22-nji aprelde wideoaragatnaşyk arkaly köptaraplaýyn maslahatlaşmalary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU) bilen bilelikde awtomobil ulaglarynyň hem-de Türkmenistana girýän we üstaşyr geçýän ýükleri hasaba almak boýunça elektron resminamalary deslapdan girizmek meseleleri boýunça wideomaslahaty 23-nji aprelde gurnamak meýilleşdirilýär.

Şu aýda halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-özbek bilelikdäki toparyň mejlisiniň hem geçirilmegine garaşylýar.

Şeýle-de ileri tutulýan taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär. 

2022