Alymlar 2050-nji ýyla çenli Demirgazyk polýusyň buzunyň ýitjekdigini duýdurýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Alymlar 2050-nji ýyla çenli Demirgazyk polýusyň buzunyň ýitjekdigini duýdurýar
Deňiz buzlary – ak aýylaryň we týulenleriň aw meýdançasy we ýaşaýan ýeridir. (Surat: Dirk Notz)

Täze barlagyň netijeleri Dermigazyk Buzly ummandaky tomusky buzuň 2050-nji ýyla çenli ýitjekdigini görkezdi, bu sebitdäki ekoulgama we howa ep-esli täsir edip bilýär.

Bu barlaga dünýäniň ylmy-barlag institutlarynyň 21 sanysy gatnaşdy we oňa Germaniýanyň Gamburg uniwersitetinden Dirk Nots ýolbaşçylyk etdi. Barlag 40 sany dürli howa nusgalarynyň maglumatlaryna esaslandy. Derňewçiler dünýäniň howa parnik gazlarynyň taşlandylarynyň möçberini ep-esli azaldyp bilmese Demirgazyk Buzly ummanda bolup biljek ýagdaýa seretdi.

Gamburg uniwersitetiniň metbugat beýanatyna laýyklykda, häzirki wagtda Demirgazyk polýusy tutuş ýylyň dowamynda deňiz buzy bilen örtülendir. Her tomusda Arktikadaky buzlar ereýär, olaryň eýeleýän meýdany azalýar, gyşda bolsa, ýene artýar. Emma howanyň üýtgemeginiň netijesinde Demirgazyk Buzly ummandaky buzlaryň umumy meýdany soňky onýyllyklaryň dowamynda yzygiderli azalýar. Bilermenleriň pikirine görä, bu Arktikanyň ekoulgamyna we howasyna düýpli täsirini ýetirýär.

“Eger biz taşlandylary çalt we uly möçberde azaldyp, howanyň ählumumy ýylamagynyň depginini senagatdan öňki 20С-den pes derejede saklap biläýsek hem arktiki deňiz buzunyň tomusda ýyl ýyldan azalyp, 2050-nji ýyla çenli ýitmegi ahmal” diýip, Gamburg uniwersitetinde deňiz buzy boýunça barlag toparyna ýolbaşçylyk edýän Dirk Nots belledi.

Deňiz buzunyň ýitgisi geljekde uglerodyň taşlandylaryna bagly bolar diýip, ylmy barlagçylar sözüniň üstüni ýetirdiler. Beýanatda: “Eger zyňyndylar çalt depginler bilen azalsa, buzuň ereýiş tizligi peseler. Taşlandylaryň möçberi ýokary bolsa, Demirgazyk Buzly ummany ýakyn wagtda buzsuz galyp biler” diýilýär.

Deňiz buzlary – ak aýylaryň we týulenleriň aw meýdançasy we ýaşaýan ýeridir, şeýle hem olar gün şöhlelerini serpikdirýär, bu bolsa, Arktikanyň salkyn bolmagyny üpjün edýär.

2022