Türkmenistan we MHG halkara ýük daşamalary boýunça pikir alyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we MHG halkara ýük daşamalary boýunça pikir alyşdy
“MHG-niň COVID-19-a garşy Global Çözgüdi (Jogaby)” çäginde Türkmenistanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew penşenbe güni Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ýük daşamalaryny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjyny bilelikde durmuşa geçirmek hem-de “MHG-niň COVID-19-a garşy Global Çözgüdi (Jogaby)” meseleleriniň çäklerinde Türkmenistanyň MHG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki we geljekki taslamalara, şol sanda 2020-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasyna seredip geçdiler. Şeýle-de adatdan daşary ýagdaýlarda ýüze çykýan migrasiýa meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.

Zeýnal Gajiýew MHG-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy bolmak bilen guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysydyr.

Migrasiýa boýunça halkara guramasy 1951-nji ýylda esaslandyryldy. Guramanyň 173 agza döwleti bolup, 100-den gowrak ýurtda wekilhanasy hereket edýär.

2022