Birleşen Milletler guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynda anna güni Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebitleýin edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen onlaýn duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň wekilleri, şeýle-de BSGG-niň Aşgabatdaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.
Gepleşikleriň barşynda taraplar dünýä ýurtlarynyň ählisiniň koronawirus pandemiýasyna garşy bilelikdäki tagallalarynyň kabul edilmeginiň we netijeli durmuşa ornaşdyrylmagynyň zerurlygy barada pikir alyşdylar.
Söhbetdeşler Türkmenistanda wirusyň täze görnüşiniň ýurduň çägine ýaýramagynyň öňüniň alynmagy boýunça durmuşa geçirilen çäreleriň öz wagtynda amala aşyrylandygyny aýratyn belläp geçdiler.
Onlaýn duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanda ýokanç hem-de ýokanç däl keselleriň öňüniň alynmagy, şeýle-de ilatyň saglygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi üçin döwrebap infrastrukturanyň we zerur bolan tejribäniň bardygyny hem aýratyn nygtadylar.