Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini ibermegi dowam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini ibermegi dowam edýär
Türkmenistan Ahaldaky gazdan benzin öndürýän kärhananyň ilkinji önümlerinden Owganystana kömek hökmünde iberipdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegi bermek hakynda Buýruga gol çekdi.

Buýruga laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli azyk önümlerini ynsanperwer kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy.

Türkmenistan hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde birnäçe taslamalary, şol sanda owgan halkyny elektrik energiýasy hem-de suwuklandyrylan gaz bilen ýeňillikli şertlerde üpjün etmek boýunça taslamalary amala aşyrýar.

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklar, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda alnyp barylýar.

Daşary işler ministrligi ynsanperwer kömeginiň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti 20-nji fewralda goňşy Owganystanyň parahatçylykly ösüşine goldaw bermek maksady bilen, 2020–2022-nji ýyllary öz içine alýan ýörite maksatnamany tassyklamak baradaky Karara gol çekipdi.