“Agzybirlik tilsimaty” birinji synplara 160 müňe golaý kompýuter taýýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Agzybirlik tilsimaty” birinji synplara 160 müňe golaý kompýuter taýýarlar
Geçen ýyl okuwa başlan çagalara 154 müňe golaý kompýuter sowgat berildi.

“Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy şu ýyl birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylar üçin 160 müňe golaý kompýuter taýýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Bilim ministrligi “Agzybirlik tilsimaty” bilen şertnama baglaşar. Şertnama boýunça kompaniýa 25-nji awgusta çenli bilim edaralarynda kompýuterleri gurnar hem-de olara tehniki hyzmaty berer.

“Agzybirlik tilsimaty” 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Kompýuter tehnologiýalary merkezi” tarapyndan esaslandyryldy.

Kompaniýa ýurtda kompýuter tehnoloigýasynyň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Hytaýyň “Hengsheng Lianhua Investment Management Co. Ltd.”, “Tongfang Hongkong limited” öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly 1-nji maýda geçiren nobatdaky mejlisinde wise-premýer Çary Gylyjowa “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasynda köpçülikleýin ulanylýan professional kompýuterleriň hem önümçiligini ýola goýmak baradaky meseläni öwrenmegi tabşyrdy.

Geçen ýyl “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasy ilkinji gezek okuwa başlan çagalara niýetlenen 154 müňe golaý kompýuterleriň 80 müňüsini öndüripdi.

2011-nji ýyldan bäri dowam edýän däp boýunça Türkmenistanda birinji synpa başlaýan her bir okuwça kompýuterler sowgat berilýär.