Türkmenistan bilen Bütindünýä banky tölegli maslahat boýunça pikir alyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Bütindünýä banky tölegli maslahat boýunça pikir alyşdy
Türkmenistan bilen Bütindünýä banky gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda çarşenbe güni Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen wideomaslahat geçirildi.

Onlaýn maslahatyň barşynda Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasynda “Tölegli maslahat hyzmatlary” atly ylalaşygyň çäklerindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň esasy ugurlaryna garaldy.

Bellenilen ylalaşygyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen bir hatarda duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň ykdysadyýetinde, hususan-da, döwlete dahylly bolmadyk pudakda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar.

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda hususy maliýe edaralary, kiçi kärhanalar, ýurduň orta we iri kompaniýalary üçin maýa goýumlary gönükdirmegiň hem-de maslahat hyzmatlaryny bermegiň mümkinçiliklerine garaldy.

“Tölegli maslahat hyzmatlary” atly ylalaşygyň çäklerinde işewür ulgamdaky özgertmelere we bank düzümlerinde köpçülikleýin dolandyryş işlerine goldaw bermek, şeýle hem karz hasabat ulgamyny işläp taýýarlamaga ýardam bermek, makroykdysady statistikany berkitmek boýunça çäreleri guramak meýilleşdirilýär.