Türkmenistan we HUF ulag ulgamyndaky iri maýa goýum taslamalaryna seretdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we HUF ulag ulgamyndaky iri maýa goýum taslamalaryna seretdiler
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler durnukly ulag ulgamyndaky iri maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde çarşenbe güni Halkara ulag forumynyň (HUF) Baş sekretary Young Tae Kim bilen wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen duşuşykda ýurduň HUF bilen özara hereketleriniň esasy ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.

Onlaýn duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler durnukly ulag ulgamyndaky iri maýa goýum taslamalaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar we bu taslamalaryň öz nobatynda sebitiň ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgesi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny has hem pugtalandyrmaga gönükdirilendigini nygtap geçdiler.

“Ulag pudagy – bu adamlaryň arasynda ýurtlaryň hem-de halklaryň ykdysady taýdan ösüşine we medeni alyş-çalyşlaryna itergi berýän gatnaşyklary gurmagyň özboluşly ulgamy bolupdy we şeýle bolmagynda galýandyr” diýip, Young Tae Kim belledi.

Halkara ulag forumy hökümetara gurama bolup, ol 2006-njy ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda gurama 60 ýurdy öz içinde jemleýär.

2022