Daşoguzly ekarançylar 35 müň tonna şaly hasylyny almagy meýilleşdirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzly ekarançylar 35 müň tonna şaly hasylyny almagy meýilleşdirýärler
Daşoguzda şalynyň “Nukus-2”, “Müňbaşy” we “Alenga” ýaly görnüşleri ösdürilýär.

Daşoguz welaýatynyň ekarançylary 8,100 gektar ýerde şaly ekip, ondan 35 müň tonna hasyl almagy meýilleşdirýär.

Şaly üçin niýetlenen ýeriň hemmesi diýen ýaly welaýatyň S.Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýär. Etrapda “merjen” däneleriniň ýokary hasylyny almak üçin ähli şertler döredilendir we häzirki wagtda ol ýerde döwrebap şaly arassalaýjy kärhanasy hereket edýär. Kärhana sarp edijileri ýokary hilli tüwi, ýöriteleşdirilen hojalyklary bolsa tohum bilen üpjün edýär.

Daşoguzda şalynyň “Nukus-2”, “Müňbaşy” we “Alenga” ýaly ýerli howa şertlerinde özüni gowy tanadan görnüşleri ösdürilýär.

Şalyçylyk Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk ulgamynyň esasy pudaklarynyň biridir, çünki sebitiň howa şertleri ekiniň gowy ösüp, ýokary hasyl bermegine ýardam edýär.

Soňky ýyllarda azyk bolçulygyny döretmek we bazarlary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek işine hususy ulgamynyň wekilleri-de işjeň gatnaşýar. Muňa mysal edip Timur Rejepowyň eýeçiligindäki kuwwaty ýylda 250 tonna bolan hususy şaly arassalaýjy kärhanasyny getirmek bolar.

Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda 2020-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” Karara gol çekdi.

2022