“Sahabatly” Wengriýa we Gollandiýa bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Sahabatly” Wengriýa we Gollandiýa bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar
“Sahabatly” hojalyk jemgyýetine degişli maldarçylyk toplumda 400 başa golaý sygyr sagylýar.

“Sahabatly” hojalyk jemgyýeti geljekde Wengriýadan 400 baş, Gollandiýadan 65 baş golştin sygyrlaryny getirmek boýunça gepleşikler geçirdi.

Aşgabat – Gökdepe aýlaw ýolunyň 25-nji kilometrliginde umumy meýdany 8,6 gektar bolan hojalyk jemgyýetine degişli maldarçylyk toplumy ýerleşýär. Toplumyň töwereginde ot-iým ýetişdirmek üçin oňa 400 gektar ýer hem bölünip berildi.

“Sahabatly” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Orazgeldi Anzarowyň aýtmagyna görä, toplumda ýokary önüm berýän golştin tohumly sygyrlara hem-de zaanen geçilerine ideg edilýär. Häzirki wagtda 400 başa golaý sygyr sagylýar.

“Kärhanamyzda gatygyň ýaglylygy dürli derejedäki görnüşleri, şol sanda berhizlik gatyk, biokefir, gaýmak, süzme we dorog öndürilýär. Dürli agramlarda gaplanan “Paýtagt”, “Dilim” peýnirlerimiz bar” diýip, Anzarow aýtdy.

“Şeýle-de geçi süýdünden duzlanan peýnir öndürýäris” diýip, telekeçi sözüniň üstüni ýetirdi.

“Sahabatly” hojalyk jemgyýetine degişli maldarçylyk toplumy 2014-nji ýylda açyldy.

2022