Türkmen telekeçisi gaplama bag önümçiligini aýda 100 tonna ýetirmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi gaplama bag önümçiligini aýda 100 tonna ýetirmekçi
Gaplama baglary tegege saralyp, her tegekde 2 müň metre çenli bag bolýar.

Telekeçi Şanazar Ýarjanowyň eýeçiligindäki Aşgabatda ýerleşýän kärhanada indi iki ýyldan bäri polipropilenden gaplama baglary (lentalary) öndürilýär.

“Häzirki wagtda kärhanada Hytaýdan getirilen enjamlar işledilýär. Olarda ini 8 – 16 millimetr, galyňlygy 0,5 – 1,2 millimetr aralygyndaky dürli reňkli baglar öndürilýär” diýip, kärhananyň menejeri Arslan Baýramdurdyýew “Rysgal” gazetiniň geçiren söhbetdeşliginde aýtdy.

Baýramdurdyýewiň aýtmagyna görä, öndürilýän gaplama baglary tegege saralyp, her tegekde 2 müň metre çenli bag bolýar we olar, görnüşine görä, 500 kilograma çenli agyrlygy göterýär.

“Öndürilýän önüm ýurduň diňe içerki bazarynda islege eýe bolman, eýsem, Russiýa, Türkiýe, Belarus ýaly daşary döwletler hem isleg bildirýär. Şonuň üçin aýlyk önümçiligi 100 tonna ýetirmek göz öňünde tutulýar” diýip Baýramdurdyýew geljekki maksatnamalar barada gürrüň berdi.

Kärhananyň önümçiliginde 95% ýerli çig mal ulanylýar.

2022