Aşgabat ekologiýa boýunça köptaraplaýyn iş maslahatyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat ekologiýa boýunça köptaraplaýyn iş maslahatyna gatnaşdy
Gepleşikde 2022-2025-nji ýyllar üçin orta möhletli strategiýasynyň işlenip taýýarlanyşy boýunça alnyp barylýan işler maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşenbe güni BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň 2022-2025-nji ýyllar üçin orta möhletli strategiýasyny taýýarlamak meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly köptaraplaýyn iş maslahaty geçirildi.

Maslahatyň işine BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasynyň wekilleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Alžiriň, Litwanyň, Perunyň, Serbiýanyň, Gruziýanyň, Kanadanyň daşky gurşawy goramak boýunça ygtyýarly edaralarynyň we Daşary işler ministrlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. 

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň hünärmenleri wekilçilik etdiler.

Gepleşigiň dowamynda 2022-2025-nji ýyllar üçin orta möhletli strategiýasynyň işlenip taýýarlanyşy boýunça alnyp barylýan işler maslahatlaşyldy.

Türkmen wekiliýeti ýurtda durmuşa geçirilýän döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlary, Türkmenistan tarapyndan daşky gurşawyň goragy ulgamyndaky öňe sürlen başlangyçlar, hususan-da BMG-niň Aral boýunça ýörite maksatnamasynyň işlenip taýýarlanmagynyň ähmiýeti barada giňişleýin belläp geçdi.