Türkmenistan bilen Özbegistanyň resmileri ýük gatnawlary barada pikir alyşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Özbegistanyň resmileri ýük gatnawlary barada pikir alyşdylar
Söhbetdeşler ýük gatnawlarynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagy maksady bilen söwda-ykdysady, ulag-logistika ulgamlaryndaky özara hereketleri giňeltmegiň zerurlygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň çarşenbe güni Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşlik sanly wideokonferensiýa görnüşinde geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler.

Öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginine seredip geçmek bilen söhbetdeşler dünýä jemgyýetçiligi üçin ýeňil bolmadyk häzirki döwürde sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky ýük gatnawlarynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagy maksady bilen söwda-ykdysady, ulag-logistika ulgamlaryndaky özara hereketleri giňeltmegiň zerurlygyny nygtadylar.

Bu ugurda ýurtlaryň Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň çäklerindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaklarynyň meselesine hem jikme-jik seredilip geçildi.

Şeýle-de agrosenagat, saglygy goraýyş, bilim we beýleki ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri boýunça hem pikirler alyşyldy.

Söhbetdeşler ýük gatnawlarynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagy maksady bilen söwda-ykdysady, ulag-logistika ulgamlaryndaky özara hereketleri giňeltmegiň zerurlygyny nygtadylar.