TDH bilen BelTA sanly media boýunça tejribe alyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDH bilen BelTA sanly media boýunça tejribe alyşdy
TDH we BelTA köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmakda tejribe alyşmak meseleleriniň wajypdygyny nygtadylar. (Surat: BelTA)

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) we Belarus Respublikasynyň Belarus telegraf agentliginiň (BelTA) ýolbaşçylarynyň arasynda penşenbe güni wideokonferensiýa geçirildi.

Widekonferensiýanyň dowamynda maglumatlary alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ikitaraplaýyn Ähtnamanyň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Taraplar onlaýn gepleşikleriň barşynda dünýä ýüzünde ýaýran koronawirus ýokanjynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, özara gatnaşyklaryň mediaforumlar, maslahatlar, “tegelek stol” ýaly ugurlarynyň, şol sanda abraýly media bileleşiklerini çekmek arkaly uzak aralykdan köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmakda tejribe alyşmak meseleleriniň wajypdygy nygtaldy.

Şeýle-de taraplar iki döwletiň çäginde uly dabara bilen bellenilip geçilen Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk baýramçylygyna aýratyn ünsi çekip, Aşgabadyň we Minskiň 9-njy maýda baýramçylyk mynasybetli harby ýörüşiň geçirilen ýeke-täk ýeriniň bolandygyny bellediler.

TDH bilen BelTA hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama şu ýylyň mart aýynda gol çekdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022