Türkmenistanda 1192 ýerli we 210 daşary ýurtly raýatlar tussaglykdan boşadylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 1192 ýerli we 210 daşary ýurtly raýatlar tussaglykdan boşadylýar
Türkmenistanda iş kesilenler mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli tussaglykdan boşadylýar.

Türkmenistanda iş kesilen raýatlaryň 1192-si hem-de daşary ýurtly raýatlaryň 210-sy mübärek Gadyr gijesi mynasybetli jeza çekmekden boşadylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana anna güni gol çekdi.

Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Döwlet Baştutany içeri işler ministri Mämmethan Çakyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Oraza aýynyň ýigrimi ýedinji gijesine gabat gelýändigi hasap edilýän Gadyr gijesi şu ýyl 19-njy maýdan 20-ne geçilýän gijesine düşýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022