Türkmenistanda walýuta amallarynyň hereketine gaýtadan serediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda walýuta amallarynyň hereketine gaýtadan serediler
Türkmenistanyň Prezidenti wagtlaýyn çäre hökmünde walýuta amallarynyň hereket edýän tertibine gaýtadan seretmek mümkinçiligini öwrenmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikowa hem-de Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewe dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlary nazara almak bilen, maslahat geçirmegi tabşyrdy.

“Wagtlaýyn çäre hökmünde walýuta amallarynyň hereket edýän tertibine gaýtadan seretmek mümkinçiligini öwrenmeli hem-de Hökümetiň bu ugra degişli kararynyň taslamasyny taýýarlamaly” diýip, ýurt Baştutany belledi.

“Häzirki wagtda önümleri eksport edýän kärhanalardan we guramalardan, şeýle hem hususy firmalardan gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň 50 göterimini däl-de, dolulygyna döwletiň ätiýaçlyk goruna geçirmeli” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam etdi. “Walýutada alnan bu serişdeleriň öwezini bolsa, milli pul birliginde dolmaly”.

Häzirki döwürde harytlary, mysal üçin, zerur bolan derman serişdelerini ýa-da gurluşyk enjamlaryny satyn almak boýunça topary döretmek barada görkezme bermek bilen, türkmen Lideri bu toparyň şu maksatlar üçin kärhanalaryň we guramalaryň milli puldaky serişdelerini daşary ýurt puluna öwürmek meselesine seretmegini onuň esasy wezipesi hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu işleri guramak üçin üç gün wagt berildi.

Şeýle-de mejlisiň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak hakyndaky karara gol çekdi. Döwlet býujetiniň maddalarynyň üstünde düýpli işlemegi tabşyrmak bilen, döwlet Baştutany ýaşaýyş-durmuş meselesine, zähmet haklaryny ýokarlandyrmaga we bilim hem-de saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmek üçin çykdajylary artdyrmaga aýratyn üns bermeli diýip belledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022