German kompaniýalary türkmen ykdysady pudaklary üçin döwrebap tehnologiýalary hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
German kompaniýalary türkmen ykdysady pudaklary üçin döwrebap tehnologiýalary hödürleýär
Duşuşykda “UMAX Trade” tarapyndan berlen tekliplere seredildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň we german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda sişenbe güni wideokonferensiýa görnüşinde gepleşik geçirildi.

Söhbetdeşlikde german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Müdirliginiň başlygy Oliwer Hermes “German ykdysadyýetiniň umumy kesgitlemesi, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem-de pandemiýa bilen baglylykdaky dünýädäki ýagdaýlar” temasy boýunça çykyş etdi. Gepleşiklerde Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary we koronawirusyň öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine ýetirip biljek täsirleri kesgitlenildi.

Duşuşykda şonuň ýaly-da Türkmenistanyň suw hojalygynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen “UMAX Trade” taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda taraplar  “UMAX Trade” tarapyndan berlen tekliplere hem-de ýurduň suw hojalyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy boýunça Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bu babatda ileri tutýan ugurlaryna seretdiler.

Taraplar şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary babatynda işjeňleşdirilmegi boýunça ylalaşdylar hem-de bu ugurda 2021-nji ýylda Türkmenistanda 7-nji gezek gurnaljak Germaniýanyň Ykdysadyýet günleriniň geçirilmegi teklip edildi.

German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti 2018-nji ýylda döredilip, ol Russiýanyň, Ukrainanyň, Belarusyň, Merkezi Aziýa, Kawkaz we Günorta-Gündogar Ýewropa ýutlarynyň ykdysady we syýasy pudaklary bilen german kompaniýalarynyň arasyndaky gatnaşyklar boýunça işleri ýerine ýetirýär.

2022