Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitriý Kuleba bilen duşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrleri iki döwletiň başlangyçlarynyň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň we beýleki guramalaryň çäklerinde özara goldanylmagynyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdiler.
Bu ugurda taraplar daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň dowam etdirilmeginiň, şonuň ýaly-da iki ýurduň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň wekilleriniň ilkinji tapgyrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly yzygiderli duşuşyklarynyň dikeldilmeginiň zerurlygyny aýratyn nygtadylar.
Ministrler şeýle-de koronawirus ýokanç keseliniň ýaýramagyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk meseleleri hem-de epidemiýa wehimlerine garşy ählumumy tagallalaryň netijeli gurallarynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy dogrusynda pikir alyşdylar.
Dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ugry boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirildi.