Gün energiýasynyň önümçiliginiň çykdajylary 2010-njy ýyldan bäri 82% azaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gün energiýasynyň önümçiliginiň çykdajylary 2010-njy ýyldan bäri 82% azaldy
2010-njy ýyldan bäri fotoelektrik enjamlaryny ulanmak arkaly alnan energiýanyň önümçilik çykdajylary 82% azaldy. (Surat: MIT)

2010-njy ýyldan bäri fotoelektrik enjamlaryny ulanmak arkaly alnan energiýanyň önümçilik çykdajylary 82%, Gün konsentratorlary (CSP) 47%, gury ýerdäki ýel turbinalary 39%, deňiz suwlarynda 29% azaldy. Bu barada Halkara gaýtadan dikeldilýän energiýa agentligi (IRENA) tarapyndan iýun aýynda neşir edilen 2019-njy ýyldaky energiýa çykdajylary baradaky hasabatynda aýdylýar.

Maglumatlar geçen ýyl gaýtadan dikeldilýän 17 müň energiýa taslamasy tenderi üçin çykdajylardan we nyrhlardan düzüldi.

Hasabata görä, soňky on ýylda çykdajylaryň azalmagy kämilleşen tehnologiýa, giň gerimli ykdysadyýet, bäsdeşlige ukyply önümçilik we ösýän iş tejribesi bilen baglanyşyklydyr. 2010-njy ýylda kuwwaty 88 GWt bolan dünýäde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň bahasy 210 milliard dollar boldy. Geçen ýyl bu möçberden iki esse artyk hyzmatlar işe girizilip, onuň gymmaty 253 milliard dollara ýetdi.

IRENA hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bilimleri giňeltmäge we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň durmuşa geçirilmegine we yzygiderli ulanylmagyna itergi berýän hökümetara guramadyr. 2009-njy ýylda döredilen we dolandyryş merkezi Masdarda (BAE) ýerleşýän bu edara Birleşen Milletler Guramasynyň resmi synçysydyr. 160 ýurt we Ýewropa Bileleşigi IRENA-nyň agzalarydyr we 23 döwlet agentlige agza bolmak prosesindedir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022