Aşgabat we Sankt-Peterburg ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine seretdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat we Sankt-Peterburg ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine seretdiler
Taraplar ulag, gurluşyk we gurluşyk önümçiligi ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi boýunça takyk hereketleri kesgitlediler.

Anna güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Sankt-Peterburg şäheriniň Hökümetiniň agzasy – Daşary aragatnaşyklar komitetiniň başlygy Ýewgeniý Grigorýew bilen onlaýn gepleşigi geçirildi.

Gepleşigiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meselelerini hem-de Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen işjeň häsiýete eýe bolan özara hereketlerini maslahatlaşdylar. Hususan-da, ministr Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewralynda Sankt-Peterburg şäherine bolan iş saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine garadylar.

Mundan başga-da, taraplar ulag, gurluşyk we gurluşyk önümçiligi ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi boýunça takyk hereketleri kesgitlediler.

Şeýle-de dünýä derejesindäki çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, taraplar pandemiýanyň garşysyna göreşmekde halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.

Şu ýylyň fewralynda Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparynyň Türkmenistana saparynyň barşynda Türkmenistanyň we Sankt-Peterburg şäheriniň hökümetleriniň arasynda 2020 — 2025-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ulgamlarda hyzmatdaşlyk boýunça “Ýol kartasy” tassyklanyldy.