Awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek boýunça işleriň ýerine ýetirilmegine bu ugurda iş alyp barmaga hukugy bolan telekeçiler hem işjeň çekiler.
Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Baýramgeldi Öwezowa tabşyryk berdi diýip, TDH habar berýär.
Mejlisde wise-premýer ýurtda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak, şol sanda bu ulgamda kadalaşdyryş-hukuk düzgünlerini üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň geçirilýändigini belledi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe geçirmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, gazet-žurnallaryň web-saýtlary döredilýär, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleri tarapyndan şolarda synag işleri geçirilýär.
Wise-premýer Türkmenistanyň degişli Kanunlaryny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýat we şäher häkimliklerinde awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamynyň döredilýändigini, bu işleri 2022-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagaty ösdürmek ýoly bilen mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak maksadynda 2019-njy ýyldan başlap, ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň orta möhletli Konsepsiýasynyň amala aşyrylýandygyny nygtady. “IT hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligiň üpjün edilmegi bu Konsepsiýanyň esasy wezipeleriniň biridir”.
Öňdebaryjy tejribäni we oňyn başlangyçlary öwrenmegiň hem-de özleşdirmegiň zerurdygyny aýdan Türkmenistanyň Prezidenti şunda, diňe bir importa taýýar çözgütlere we nou-haulara esaslanman, eýsem, ýurduň ylmy-tehnologiýa mümkinçiliklerine daýanýan sanly modeli döretmegi ugur edinmelidigini belledi.