Türkmenistan we AÖB bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişine seretdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we AÖB bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişine seretdiler
2018-nji ýylyň noýabr aýynda AÖB 2019-2021-nji ýyllar boýunça Türkmenistanda alyp barjak işleriniň meýilnamasyny kabul etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň direktory Çang Çing Ýu bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda täze taslamalaryň geljekde iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi we özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bank ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň, şonuň ýaly-da energetika we ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişine üns berildi.

Häzirki pandemiýa ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen, taraplar CОVID-19-yň durmuş-ykdysady ulgama ýetirýän täsiriniň peseldilmegine aýratyn ünsi çekdiler. Bu ugurda Türkmenistanyň ýurtda we tutuş sebitde durnuklylygyň hem-de ykdysady ösüşiň pugtalandyrylmagynyň üstünde durup geçildi.

Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanan hususy telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berilmegine gönükdirilen bilelikdäki taslamalara we maksatnamalara hem giňişleýin seredip geçdiler.

AÖB bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy 2000-nji ýylda başlandy. 2018-nji ýylyň noýabr aýynda AÖB 2019-2021-nji ýyllar boýunça Türkmenistanda alyp barjak işleriniň meýilnamasyny kabul etdi. Bu meýilnama 150 million dollarlyk karz bermegi, şeýle hem ýurduň ulag we üstaşyr geçelgelerine, eksport ugurlaryna we hususyýetçiligi ösdürmegi maksat edinýän taslamalara 690 million dollarlyk maliýe goldawyny bermegi öz içine alýar.

2022