Türkmenistan we ÝTÖB işewürligi goldamak boýunça pikir alyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we ÝTÖB işewürligi goldamak boýunça pikir alyşdy
Türkmenistanda hereket edip başlanyndan bäri 200-den gowrak kärhana işewürlik maslahatlaryny beren ÝTÖB umumylykda 75 taslama 295 million ýewro maliýe serişdesini goýberdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Türkmenoglu bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasyndaky uzak möhletli ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşykda bu halkara maliýe guramasynyň gatnaşmagynda energetika we ulag, hususy pudagyň hemmetaraplaýyn goldawy we beýlekiler bilen bagly durmuşa geçirilýän hem-de häzirki dowam edýän taslamalar dogrusynda pikir alşyldy.

Gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin maddy hem-de tehniki binýady berkitmek, şeýle hem ýurduň hususy pudagynyň gatnaşmagynda işewürlik geňeşmelerini geçirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar, şeýle hem ÝTÖB-niň Türkmenistan boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Ýurt strategiýasynyň çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdiler.

Türkmenistanda hereket edip başlanyndan bäri 200-den gowrak kärhana işewürlik maslahatlaryny beren ÝTÖB umumylykda 75 taslama 295 million ýewro maliýe serişdesini goýberdi.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky 1991-nji ýylda döredilen halkara maliýe guramasydyr. Dünýäniň 69 döwleti we iki sany ÝB guramasy tarapyndan eýeçilik edilýän Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky häzirki döwürde Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň 30-dan gowrak ýurdunda iş alyp barýar.