Türkmenistan milli azlyklar boýunça ÝHHG bilen pikir alyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan milli azlyklar boýunça ÝHHG bilen pikir alyşdy
Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işleri boýunça ýokary komissary Lamberto Zanýer bilen onlaýn-gepleşigi geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda bilelikdäki işleriň ynsanperwerlik ugurlaryna aýratyn üns bermek arkaly Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapynyň ÝHHG-niň meýdançasynyň çäkleri bilen bir hatarda demokratik gymmatlyklarynyň we tejribeleriniň ilerledilmegine ygrarlydygy hem bellenilip geçildi.

Raşid Meredow Türkmenistanyň Hökümetiniň jemgyýetiň ähli agzalarynyň hukuklarynyň goraglylygynyň we durmuşa hemmetaraplaýyn ornaşdyrylmagynyň meselelerine aýratyn üns berilýändigini nygtady. “Bu bolsa, Adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda öz beýanyny tapýandyr”.

Taraplar milli azlyklaryň we olaryň jemgyýete goşulmagynyň meselelerine hem seretdiler.

Gatnaşyjylar dünýäde dowam edýän pandemiýa ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen özara hereketleriň durmuşa geçirilmeginiň aýratynlyklaryna hem seredip geçdiler.

ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işleri boýunça ýokary komissary tarapyndan ÝHHG-niň gatnaşyjy-döwletleri üçin işlenilip düzülen hem-de COVID-19-a garşy göreşmek boýunça çäreleriň milli azlyklara degişli bolan şahslar bilen birlikde jemgyýetiň ähli agzalarynyň zerurlyklarynyň nazarda tutulmagyna gönükdirilen birnäçe teklipleriniň Türkmenistan tarapyndan dolulygyna goldanylýandygy hem aýratyn bellenildi.

Diplomatlar bilim ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we sebitleýin köpgyraňly medeni gatnaşyklaryň ilerledilmeginiň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

2022